Golaýda Türkmengala etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, TDP-niň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Şanly ýylyň batly gadamlary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň, etrap bilim, medeniýet bölümleriniň wekilleri, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de TDP-niň etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabarada etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Akga Akgaýew, TMÝG-niň Türkmengala etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Guwanç Ýazhanow, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jennet Jumaýewa dagylar çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olaryň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.
Şeýle-de dabaranyň ahyrynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Bilbil JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap
Geňeşiniň baş hünärmeni.