Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi etrabyň 2-nji orta mekdebi hem-de etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan dörän gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa bolan sarpany we zähmete bolan söýgini döretmek maksady bilen geçirilen duşuşykda giň gerimli çykyşlara orun berildi.
Kitabyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygy, kitaplaryň ynsanyň ýolbeledi bolup hyzmat edýändigi hakynda aýdylan jümleler duşuşykda ýaýbaňlandyrylan çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Hajar GARRYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.