ARKADAGYŇ PAÝHASY – PARAHATLYK, YNANYŞMAK BINÝADY

Agzybirliginden egsilmez döwlet tapýan merdana halkymyz ýene bir ajaýyp ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna uly ruhubelentlik, aýdyň maksatlar bilen gadam basdy. Ýurdumyzyň şöhratly taryhyndan, milli ýörelgelerinden, şu günki ýeten belent sepgitlerinden, dünýä ýüzündäki barha artýan abraýyndan ugur alnyp, bagtyýar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan her bir ýyly mynasyp atlandyrmak, onuň nyşanyny döretmek indi asylly däbe öwrüldi. Şulardan ugur alyp, diýarymyzyň ähli künjeklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýetiljek uly sepgitler şeýle-de şanly ýylymyzy mynasyp garşylamak maksady bilen geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar we wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerim alýar. Ýaňy ýakynda hem Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda   geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna bagyşlandy. Duşuşykda çykyş edenler 2025-nji ýylyň milli we halkara derejede «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan asylly däpleriniň dabaralanmasydygyny aýratyn belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar bagtyýar halkymyza eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ogulnäz NEPESOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

işgärler işi boýunça baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI