ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» dabaralandyrmak maksady bilen, “Ýylymyzyň şygary – kalbymyzyň şamçyragy» atly brifing çäresini geçirdi. Onda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, bu ýylda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikli alyp barýan hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan içeri we daşary syýasaty, ata-babalarymyzyň we halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri dogrusynda täsirli, giňişleýin çykyşlar edildi. Brifingiň dowamynda sorag-jogaplar alşyldy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 190 okalan

BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ

17 Oktýabr 2025 | 96 okalan

HARMANYŇA BEREKET – ÖMRÜŇE BEREKET

17 Oktýabr 2025 | 120 okalan

HARMANYŇYZA BEREKET EDERMEN BABADAÝHANLAR!