Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkan welaýat kitaphanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyga, dost-doganlyga gönükdirilen syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdymyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryny giňeltmek dogrusynda gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zähmetsöýer halkymyzyň röwşen geljeginiň hem-de berkarar Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginiň hatyrasyna durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mährijemal NAZARGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.