Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşydaky Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň dowamynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga eýe bolmagy mynasybetli talyplaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolmagy şeýle-de nusgawy edebiýatymyzda bedew atlarynyň taryhy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.