Ýakynda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýylyň şygarynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many mazmuny, bu şygarda Milli Liderimiziň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp şygyrynyň belent ruhunyň bardygy dogrusynda belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyna bagtyýar zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.