Golaýda Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýatyň Baş baýdak meýdançasynda talyp ýaşlaryň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna “Alkyşnama” aýdyldy.
Çärede teatr artistleriniň edebi sazly kompozisiýasy, medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ýakymly pursatlary paýlady.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.