Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňişleri we üstünlikleri, halkara derejesinde mynasyp bolan baýraklary barada okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna dünýäniň iň meşhur sirk toparlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem gatnaşyp, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Duşuşykda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä derejesinde ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.