“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi.
“Müdimi miras” ady bilen geçirilen maslahat ýaş nesillerde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda beýan edýän ündewleriniň esasynda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerimize bolan ygrarlylygyny terbiýelemek maksady bilen geçirildi.
Dabaranyň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Altyn miras” döredijilik toparynyň ýerine ýetiren Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny BMG-niň resmi dillerinde wasp edýän “Asyrlaryň arzuwy” atly edebi-sazly kompozisiýasy gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Türkmen dilinde we BMG-niň resmi dillerinde edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti açylyp görkezildi. Munuň özi ýaş nesli medeni mirasymyza, geçmiş taryhymyza sarpa goýmak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ýokarlandyrýar.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar baý geçmiş taryhymyza, milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.