ÇEPER EDEBIÝATDA BEDEWLERIŇ WASPY

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňişleriniň hem-de ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki taryhy üstünlikleriniň ähmiýetini “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda wagyz etmek we dabaralandyrmak maksady bilen “Çeper edebiýatda bedewleriň waspy” atly brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO klubynyň we institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa alyp bardy. Brifingiň dowamynda türkmen ýigitleriniň uçar ganaty bolan, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän aýdymlaryň ýaňlanmagy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňişlerini şöhlelendirýän wideo şekiliň görkezilmegi bu gazanylan üstünlige buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň abraýly dünýä festiwallarynda gazanan ýokary sylaglary, türkmen seýisçilik ussatlygynyň we däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewiň halypalyk etmeginde döredilen «Galkynyş» toparyny bu gün dünýäde uly abraýa eýe boldy.

Brifing duşuşygynda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer”, “Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly romanlaryndaky ahalteke bedewleriniň nesli we olaryň özboluşly aýratynlyklary, ussat seýisler baradaky maglumatlary giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şygryýet äleminde bedewleriň waspy barada edilen çykyşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Bedew” atly goşgusynyň okalmagy özboluşly aýratynlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusyndaky “Dünýä halklaryny dosty-ýar eden, Bir belent ykbal Sen illere, Bedew!” diýen dürdäne setirleri ahalteke bedewleriniň parahatçylygyň ilçileri bolup dünýä ýaň salýandygyny äşgär edýär.

1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilmegi bolsa gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň uly şan-şöhrata eýe bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan uly işler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, uzak ömür, berk jan saglyk we ähli döwletli başlangyçlarynda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň magistranty,

TMÝG-niň we «Parahatçylyk dilleri» atly

ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Fewral 2025 | 4009 okalan

TÜRKMEN HALYSY- NEPISLIGIŇ SUNGATY

05 Fewral 2025 | 2123 okalan

ONLAÝN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI