ONLAÝN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepleriň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň umumubilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Täjiýewna Rustemowa onlaýn okuw sapagynda ilkinji bolup çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň mazmunyda ýurdumyzda bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek we halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edildi. Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän tagallalary äşgär edýär. Iki bölümde dowam eden onlaýn okuw maslahatynda özara sorag-jogaplaryň alyşylmagy has-da täsirli boldy. Bilim ulgamyna, ÝUNESKO-nyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine degişli sorag-jogaplaryň mazmunynda ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk taglymaty ör boýuna galdy.

Onlaýn maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiziň ÝUNESKO bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

 

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klubynyň

we institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Fewral 2025 | 4012 okalan

TÜRKMEN HALYSY- NEPISLIGIŇ SUNGATY

05 Fewral 2025 | 2125 okalan

ONLAÝN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI