TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞÝÄR

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda işjeňliginiň yzygiderli artmagy hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we anyk işlenilip düzülen syýasatynyň netijesidir. Bu gün Bitarap döwletimiziň Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň rowaçlanmagy has-da begendirýär. Bu gurama dünýäniň geljegi üçin zerur bolan bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we aragatnaşygyň görnüşleri barada geljege gönükdirilen barlaglary alyp barýar. Ylmy barlaglara, hünärmenleri taýýarlamaga we okatmaga daýanmak bilen bilimleri ilerletmegi, bermegi we alyşmagy guraýar. Ol halkara resminamalaryny hem-de ýerine ýetirilmegi hökmany hödürnamalary taýýarlaýar we kabul edýär.

 ÝUNESKO agza döwletleriň bilermenlerine ösüş syýasatyny kesgitlemekde we taslamalary taýýarlamakda tehniki hyzmatdaşlyk etmekde hyzmatlaryny hödürleýär, ýöriteleşdirilen maglumatlaryň alyş-çalşygyny guraýar. Medeni mirasy goramak bu guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. 1972-nji ýylyň 16-njy noýabrynda medeni we tebigy mirasy goramak barada ÝUNESKO-nyň Konwensiýasy kabul edildi. 1976-njy ýylda Bütindünýä mirasy komiteti döredildi.1978-nji ýylda onuň sanawyna ilkinji çäk bitewüligi girizildi. Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Bütindünýä mirasynyň düzüm bölegi hökmünde ykrar edilmegi taryhy-medeni miras bolan transmilli gymmatlygyň ähmiýetini barha artdyrýar. Munda üstünden kerwen ýollary geçen Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletler çykyş edýär.

Gadymy geçmişde Dehistan, Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Amul, Gürgenç, (Köneürgenç) ýaly irki türkmen şäherlerini Buhara, Hyrat, Balh, Maşat, Tähran ýaly daşarky söwda merkezleri, şeýle hem demirgazykda ýerleşen Altyn Ordanyň şäheri bilen birleşdirilen ugurlaryň onlarçasy kesgitlenildi. Bu ýollaryň ugrunda ýerleşen şol döwrüň kerwensaraýlary, galalary, metjitleri, köprüleri Beýik Ýüpek ýoly diýlip atlandyrylýan taryhy gymmatlygyň hataryna girizildi.

Gadymy Merwiň, meşhur Köneürgenjiň we Parfiýanyň paýtagty Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi has-da buýsandyryjydyr. Şeýle-de türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun aldy. Mundan başga-da, Türkmeniň keşdeçilik sungaty, «Ýüpekçilikde we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» we «Molla Ependiniň şorta sözleriniň gürrüň berijilik däbi» ýaly milli gymmatlyklarymyz maddy däl medeni mirasyň görnüşlerine goşuldy.

 

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Fewral 2025 | 4012 okalan

TÜRKMEN HALYSY- NEPISLIGIŇ SUNGATY

05 Fewral 2025 | 2125 okalan

ONLAÝN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI