TÜRKMEN HALYSY- NEPISLIGIŇ SUNGATY

Halkymyzyň milli taryhynyň sakasy, gözli çeşmesi, gözelligiň we rahatlygyň nyşany hasaplanýan türkmen halylary medeni-mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşdirilýär. Hal-ýagdaýy beýan ediji keramat, okana kitap, synlana sungat hasaplanýan türkmen halysynyň waspy dessanlara mynasyp.

Ata-babalarymyzyň döreden mukamlary owaz bolup lezzet berýän bolsa, ene-mamalarymyzyň döreden halylary nagyşly sungat eseri bolup kalbyňa teselli berýär, ony synladygyňça synlasyň gelýär, ýüregiň aram tapýar. Täsin gudratly güýji özünde jemleýän bu el hünärinde milliligiň, nepisligiň, halallygyň, mukaddesligiň keşbi görünýär. Halylar türkmen halkynyň ykbaly, ömür ýoly diýsek hem, hakykatdan daş düşmesek gerek.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halysy öz gözbaşyny gadymyýetiň iň syrly sahypalaryndan alyp gaýdýar. Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanyp, onuň türkmen halylarynyň «dünýäde iň inçe we owadan» halylardygyny nygtap geçýär

Ýeri gelende bellesek, parahatsöýüji ýurdumyz hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasynda dost-doganlygy yzygiderli pugtalandyrmak ýaly belent maksatlara eýermek bilen giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirýär. Hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, onuň hukuk binýadyny berkitmek we täze ugurlaryna, mümkinçiliklere ýol açmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu belent maksatly wezipelerden ugur alyp,  2011-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy.

 Şol döwürden bäri hem, ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda,  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Türkmen halyçylyk sungatynyň» girizilmegi hem, türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Goý, ajaýyp halylarymyzyň asylly şöhratyny dünýä ýaýan  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

26 Fewral 2025 | 235 okalan

«PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI»

26 Fewral 2025 | 191 okalan

TÜRKMEN HALYSY- NEPISLIGIŇ SUNGATY