SARPASY BELENT BEDEWLER

Ahalteke bedewleri özüniň köpasyrlyk taryhy, ýyndamlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen biziň milli gymmatlygymyz hasaplanýar. “Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýýän halkymyz bedewleri atadan soňky ikinji mukaddeslik hasaplaýarlar. Geçen ýylda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňiji bolmagy bolsa ahalteke bedewlerine bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda “Ýyndam bedewini dünýäni görmek, bilmek höwesinde özüne ýakyn dost edinen ata-babalarymyz paýhasdan, ylymdan, ýaşaýyş hakyndaky düşünjelerden hem-de garaýyşlardan öz hakydalarynda galanyny saýpallap, durmuşyň ýörelgelerini döretdiler. Taryhyň iň dartgynly menzillerini özi bilen bile geçen bedewi olara güýç-gaýrat hem-de ruhubelentlik berdi” diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem ata-babalarymyz geçen şöhratly taryhy ýolunda bedewleri özlerine hemra edinipdirler, olara aýratyn sarpa goýupdyrlar, ýakyn dosty we syrdaşy hasaplapdyrlar.

Parfiýanyň paýtagty Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan taýçanagyň şekili, Goňurdepe gonamçylygyndan tapylan taýçanagyň süňkleri şol döwürde-de, ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatynyň ýokary bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Orhon – Ýeniseý daş ýazgylarynda ýerleşdirilen çapyksuwaryň  keşbi, Altyndepeden tapylan atyň şekili ýerleşdirilen heýkeller bedewleriň taryhy keşbine ýene-de bir subutnama bolup durýar.

Bu günki günde behişdi bedewleriň sarpasy belentde tutulýar. Bedewleri ýetişdirýän seýislere, atşynaslara hem döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýeri gelende bellesek, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde Aba Anaýew obasy we onuň bilen ýanaşykda Halkara atçylyk sport toplumy ýerleşýär. Ussat atşynas Aba Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän bu obada ýaşaýan atçylyk hünärmenleridir seýisler behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler.

Ynha, bu gün behişdi bedewleriň taryhy mesgeniniň töwereklerinde Arkadag şäheri kemala geldi. Şäheriň girelgesinde al-elwan güllere beslenen ýaşyl ýaýlada bedewlere, biri-biri bilen oýnap, bökjekleýän taýçanaklara gözüň düşýär. Bu gözelligi synlaýan her bir döredijilik adamsynyň kalbyna ylham gelip, göwni açylýar. Bu aýdylanlara Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky Arkadag şäher döwlet atçylyk sirki şaýatlyk edýär. Bu günki günde akademiýada bedewlere ýüregi bilen berlen, atçylyk sungatyny mundan belýäk-de dabaralandyrjak bagtyýar talyplar bilim alýarlar. Olaryň geljekde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da beýgeltjek oglan-gyzlardygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

 

Dünýägözel BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölümiň

esasy hünärmeni.