ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara hereketlerinde öňdebaryjy ähmiýeti eýeleýändir, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna we gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şert döretmek babatynda işleri alyp barýandyr.
Soňky ýyllarda, milli medeni mirasymyzy gorap saklamak, dünýä derejesinde wagyz etmek we ylmy-bilim ulgamynda ösüşi gazanmak maksady bilen Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdi. Bu hyzmatdaşlygyň esaslary 1993-nji ýylyň Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gol çekip, bu guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy bilen başlandy. Şondan bäri, Türkmenistan ÝUNESKO bilen bilelikde birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýär, milli mirasymyzyň dünýä derejesinde tanalmagyna uly goşant goşýar. 2011-nji ýylda Türkmenistan «Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky» ÝUNESKO Konwensiýasyna goşuldy we şol wagtdan bäri bu ugurda iň işjeň ýurtlaryň biri boldy.
Türkmenistan ÝUNESKO bilen bilelikde milli we dünýä mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işleri alyp barýar. Bu çäreleriň çäginde, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegi ugrunda möhüm ädimler ädildi.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlarda ösdürilmegi, milli mirasymyzyň dünýä derejesinde tanalmagyna we ylmy-bilim ulgamynda ösüşiň gazanylmagyna uly goşant goşar.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň goralmagyna uly ähmiýet berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köpsanly desgalarynyň hem-de gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi üçin hödürnamalaryň berilmegini teklip etdi.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlede, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym-tans sungaty, Türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» we Ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatyny girizilmegi türkmen halky üçin örän buýsançlydyr.
Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleri dowam edýär we ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur alyp, medeni mirasy hormatlamak, gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek we seljermek ugrunda uly göwrümli işler alnyp barylýar.
Güljemal GURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.