TÜRKMEN MEDENIÝETI – ÝUNESKO BILEN GELJEGE UZAÝAN ÝOL

Gadymyýetden gözbaş alýan türkmen medeniýeti halkymyzyň beýik taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň şöhratly waspnamasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan, gadymy siwilizasiýalaryň biri-biri bilen ýakyn arabaglanyşyk gurmagynda möhüm merkez bolup hyzmat edipdir. Bu beýik medeni ýoly tutuş adamzadyň taryhynyň, medeniýetiniň hem-de ösüşiniň aýrylmaz b  ölegi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Hut şonuň üçinem, türkmen medeniýeti ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýäniň umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyzy wagyz etmek ugrundaky tagallalarymyzyň netijesinde Merw, Köneürgenç, Nusaý medeni-taryhy ýadygärliklerimiz, “Görogly” dessançylyk sungatymyz, türkmen halymyz, “Küştdepdi” milli aýdym we tans sungatymyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Biziň ýurdumyzda bu öran abraýly sanawa girizmäge mynasyp, halkara derejede ykrar edilýän şeýle taryhy-medeni gymmatlyklar başga-da köpdür. Bu gadymy merkezler diňe bir türkmen taryhynyň däl, eýsem, bütin adamzat medeniýetiniň ösüş ýolunda möhüm orun tutýar.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary hem ÝUNESKO tarapyndan ýokary derejede ykrar edildi. Türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak we dutar çalmak sungaty, bagşyçylyk däpleri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa, türkmen halkynyň döredijilik mirasynyň gadymylygynyň we özboluşlylygynyň bütin dünýä tarapyndan kabul edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, milli medeni mirasymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri halkara derejesinde mynasyp bahalandyrylýar.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hem bilim ulgamydyr. Bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýär, şol sebäpli ýurdumyzda bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar.

ÝUNESKO-nyň bilim taslamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmek we ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilimlere elýeterliligini üpjün etmek boýunça uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO klublary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de, ÝUNESKO-nyň çäginde geçirilýän forumlar, ylmy maslahatlar, medeniýet we bilim bilen bagly taslamalar türkmen ýaşlarynyň halkara derejede tejribe toplamagyna uly ýardam berýär.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir medeni mirasy goramak bilen çäklenmän, bilim we durnukly ösüş ýaly möhüm ugurlary hem öz içine alýar. «Diýardan ýaýran ýollar» – bu türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we ylmyň dünýä ýaýran ýollarydyr.

Türkmen paýtagty Aşgabat şäheri özüniň ajaýyp binagärlik keşbi, döwrebap dizaýn ýörelgeleri hem-de şäher düzüminiň sazlaşykly ösüşi bilen dünýäde giňden tanalýar. Şonuň üçin hem 2023-nji ýylda Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna Dizaýn ugry boýunça goşuldy. Bu taryhy waka ýurdumyzyň şäher gurluşyk we binagärlik ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat diňe bir owadan binalary bilen däl, eýsem, ekologik taýdan arassa we amatly ýaşaýyş şertleri döredýän şäher dizaýny bilen hem tapawutlanýar. Bu halkara derejeli ykrar edilme ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de döredijilik ruhunyň ösmegine uly üns berilýändigini görkezýär.

Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň bu abraýly toruň agzalygy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna we medeni hem-de innowasion taslamalaryň giň gerimde durmuşa geçirilmegine itergi berer.

Bu giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmekde we ýurdumyzy dünýä derejesinde tanatmakda uly tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Goý, olaryň alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Yslam SARYJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.