Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 1945-nji ýylyň noýabrynda döredilen ÝUNESKO-nyň esasy wezipesi jynsyna, diline, dinine garamazdan, ähli milletlere bilim, ylym, medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, şondan bäri geçen döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy hem bilim ulgamynda alnyp barylýan özara hyzmatdaşlygyň barha işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralaryny hem-de klublaryny döretmek babatda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Çünki ÝUNESKO klublarynyň açylmagy ýaşlaryň döredijilige, ylmy-barlag işlerine höwesini artdyrmakda, öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda aýry-aýry ugurlara bagyşlanan ÝUNESKO klublary üstünlikli hereket edýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açylan «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO kluby hem şolaryň üstüni ýetirdi.
ÝUNESKO-nyň işjeň tarapdarlaryny bir ýere jemläp, meýletin esasda hereket etjek bu täze klubuň işe başlamagynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» gabat gelmegi onuň adyny, alyp barjak iş ugruny hem parahatçylyk, ynanyşmak taglymlary bilen baglanyşdyrmaga esas boldy. Bu klub döwletimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatyny, ynsanperwer başlangyçlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek üçin netijeli meýdançalaryň biri bolup hyzmat eder. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde talyplar daşary ýurt dillerini öwrenmek tejribesini kämilleşdirmäge-de mümkinçilik alarlar. Beýleki bilim ojaklarynda bolşy ýaly, «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubunda hem tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, okuw sapaklary, ylmy maslahatlar geçiriler, bäsleşiklerdir sergiler guralar. Klubuň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda-da şu meselelere aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa öz çykyşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klublarynyň döredilmeginiň esasy maksadynyň türkmen ýaşlarynyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşant goşýan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ynsanperwer ýörelgelerini, ileri tutýan ugurlaryny içgin öwrenmekleri, şu babatda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan ybaratdygyny belledi.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar baý geçmiş taryhymyza, milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň baş hünärmeni.