«KITAP – ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň etrabyň Medeniýet bölümi bilelikde guramagynda «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy»  atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, Wekilbazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Ogulbagt Gylyjowa, Gara oba medeniýet öýüniň guramaçysy Aýna Çüliýewa, etrabyň Mollanepes geňeşliginiň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Annaýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olary edebiýata giňden çekmek ýaly temalaryň üstünde aýratyn durlup geçildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Mähri SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň hasapçy buhgalteri.

Meňzeş habarlar