Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň häkimligi we iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, etrap medeniýet merkezinde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň Monako döwletine bolan iş sapary dogrusynda, şonuň ýaly-da, şöhraty dünýä dolan bedewlerimiziň at-owazasynyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünliklerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen ýygnaga etrabyň bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat ýygnagynda TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy D.Durdyýew, TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň bölüm müdiri A.Atakowa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory O.Öwezowa, etrabyň Türkmenistan geňeşligindäki “Kerpiçli” oba medeniýet öýüniň müdiri, etrap medeniýet bölüminiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy P.Garabaýew dagylar Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygy baradaky şatlykly wakadygy, ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşa çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň görkezijisidigi dogrusynda belläp, giňişleýin çykyş etdiler.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.