PARAHATLYK, DOST-DOGANLYK, JEBISLIK – BEÝIK WATANYMYŇ BAKY ŞYGARY

Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, “Daşoguz” myhmanhanasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” dabaralandyrmak maksatly, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, şeýle hem, halk köpçüliginden gelip gowşan köp sanly teklipler nazarda tutulyp, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli içeri hem daşary syýasaty, halkymyzyň jebisligi, bagtyýar durmuşy, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkara giňişliginde parahatçylygy ilerletmek bilen bagly öňe sürülýän möhüm başlangyçlar, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Mart 2025 | 50 okalan

SAGDYN MAŞGALA – SAGDYN JEMGYÝET

26 Fewral 2025 | 184 okalan

TALYP GÖZELLER BÄSLEŞDILER

25 Fewral 2025 | 392 okalan

BELENT ÖSÜŞLERE ŞANDYR BEDEWIM