Astanada geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Murat Nurtleu ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe möhüm meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we oňa baha berdiler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garadylar, şeýle hem geljek üçin bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň wajyp ornunda ünsi çekmek bilen, taraplar bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy faktory bolup hyzmat edýändigi barada nygtadylar.
Gepleşikleriň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilelikde amala aşyrylmaly hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+» formatlaryndaky özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi we oňyn tejribesi beýan edildi. Diplomatlar taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Ministrler köpugurly gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýän parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge meýillidiklerini nygtadylar. Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginini we ösüşini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Şunuň bilen birlikde, bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Ministrler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda we senagat pudaklary ýaly ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini beýan etdiler.
Geňeşmeleriň ahyrynda diplomatlar köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.
turkmenportal.com
04.02.2025