9-njy fewralda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy boýunça «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna bilelikde düşülen uly ölçegdäki fotosurat gowşuryldy hem-de Gahryman Arkadagyň iberen mähirli salamy ýetirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, sirkiň binasynyň eýwanynda guralan dabara Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda toparyň agzalary ajaýyp ahalteke atlary bilen Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldular. Bu abraýly baýraklary alyp, ata Watanyna ýeňişli dolanyp gelen türkmen jigitleri bilen Gahryman Arkadagyň hut özüniň duşuşmagy we gazanylan üstünlik bilen gutlamagy olaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolan şol duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagy, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi we Hanbeg atly bedewiň üstünde olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Bu ajaýyp pursatlar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň taryhyna ýazyldy.
Dabara gatnaşan ýolbaşçylar ýokary çap ediş usulynda çykarylan, Gahryman Arkadagyň ýadygärlik goly bolan uly ölçegdäki fotosuratyň gowşurylmagy bilen toparyň agzalaryny tüýs ýürekden gutladylar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň olara iberen mähirli salamyny ýetirdiler.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary munuň üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtmak bilen hoşallyk bildirdiler we alkyş sözlerini beýan etdiler.
Dabara gatnaşan ussat seýisler, atşynaslar we çapyksuwarlar milli atçylyk sportunyň mundan beýläk-de belent derejelere göterilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
turkmenportal