Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri esasynda haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu barada TDH habar berdi.
Munuň aýdyň mysalyny Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy bolan 7 ýaşly çaga Gülnara Rahymbaýewanyň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde bejergide bolmagyndan-da görmek bolýar.
Dogabitdi ýürek kemisligi, garynjykara germewiniň deffekti kesel kesgitlemesi bar bolan ýaş çaga bu ýerde ýerli lukmanlar tarapyndan kardiohirurgik operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Operatiw bejergiden soň çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly.
Şeýle hem şu günler Aşgabat şäheriniň dikeldiş bejergilere mätäç körpeje ýaşaýjylarynyň ikinji tapgyry Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergide bolup, öz okuw sapaklaryny dowam etmek şerti bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.
Netijeli dikeldiş bejergilerini alýan çagalara Lukman Arkadagyň lukmançylykdaky halypa maslahaty we teklipleri boýunça Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde adaty dikeldiş bejergileri bilen bir hatarda, tebigy dikeldiş bejergisi bolan ippoterapiýa bejergileri hem üstünlikli amala aşyrylýar.
turkmenportal