TÜRKMENISTANLY TÜRGENLER IX GYŞKY AZIÝA OÝUNLARYNA GATNAŞMAK ÜÇIN HARBINE GELDILER

Şu gün türkmenistanly türgenler 7-14-nji fewral aralygynda Hytaýda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin, Pekiniň üsti bilen Aşgabatdan Harbine geldiler.

Gyşky Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine (AOG) agza ýurtlar üçin her dört ýylda bir gezek geçirilýän köp görnüşli sport çäresidir. Şunuň ýaly oýunlaryň ilkinjisi 1986-njy ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirildi. Şonda oňa 7 ýurtdan bary-ýogy 293 türgen gatnaşypdy. Olar 7 ugur: konkili ýaryş, şort-trek, lyža ýaryşy, dag lyžasy, figuralaýyn typmak, biatlon we buz üstündäki hokkeý boýunça 35 medal ugrunda bäsleşdiler.

Ýakynda Hytaýda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlarynyň görlüp-eşidilmedik derejede köp sanly – 34 ýurtdan 1275 (755 erkek we 520 zenan) türgenleriň bir ýere jemlemegine garaşylýar, olar ýaryşyň 11 görnüşi boýunça – konkili ýaryşda, erkin usulda, şort-trekde, lyžaly ýaryşda, snoubordiňde, biatlonda, figuralaýyn typmakda, dag lyžasynda, körliňde (egrem-bugram ýol geçmekde), dag lyžasynda (şaglap gaýtmakda) we buz üsti hokkeýde 64 toplum medallar ugrunda bäsleşerler. 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapparo şäherinde geçirilen öňki ak Aziýa oýunlaryna 32 ýurtdan, şol sanda Okeaniýa ýurtlaryndan – Awstraliýa we Täze Zelandiýadan-da 1147 türgen gatnaşdy.

Gyşky Aziýa oýunlaryny Harbinde geçirmek karary AOG-niň 2023-nji ýylyň 8-nji iýulynda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilen 42-nji Baş Assambleýasynda kabul edildi. Öň 1996-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eden Harbin IX gyş oýunlaryny geçirmäge dalaş eden ýeke-täk şäherdi. Hytaý üçin bu 2007-nji ýylda Çaňçuňda geçirilen 6-njy Aziýa oýunlaryndan soň taryhdaky üçünji gyşky Aziýa oýunlary bolar.

Döwlet tarapyndan sportuň ösmegine uly üns berilýän Türkmenistan gyşky Aziýa oýunlaryna ikinji gezek 37 adamdan, şol sanda 25 türgenden ybarat wekiliýet iberýär.

Biziň türgenlerimiz sportuň üç görnüşi boýunça: buz üsti hokkeý, şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça ilkinji gezek çykyş ederler.

Gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistandan ilkinji gezek Pena Ataýew şort-trek (gysga ýol) ýaryşlarynda çykyş eder. Ol 2015-nji ýylda Phýoňçhanede (Koreýa Respublikasy) geçirilen «Arzuw programmasy» bilim maksatnamasynyň çäginde 500 metr aralyga geçirilen halkara ýaşlar synag ýaryşynyň altyn medalçysydyr. Zenanlaryň arasynda bolsa ýekelikde figuralaýyn typmakda biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň iki gezek çempiony Larisa Wahitowa we 2019-njy ýylda Ýužno-Sahalinskde geçen «Aziýanyň çagalary» atly ilkinji gyşky halkara sport oýunlaryna, şeýle hem Türkiýede geçen «Bosfor Kubogyna» we BAE-de geçen halkara ýaryşa gatnaşan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýna Ekäýewa çykyş eder.

Hokkeýçilerimiz barada aýdylanda bolsa, olar Sapporoda (Ýaponiýa) geçen mundan öňki, ýagny VIII Aziýa gyşky oýunlarynda Malaýziýanyň, Hytaýyň Makaosynyň, Indoneziýanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlaryny degişlilikde 9:2, 16:0, 12:2, 7:3 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ikinji bölümde kiçi altyn medallary gazandylar we ýaryşa gatnaşýan 18 toparyň arasynda umumylykda 11-nji orny eýelediler.

Häzirki Aziadada Oýunlaryň açylmagyndan dört gün öň başlanjak hokkeý ýaryşyna 14 topar gatnaşar. Olar bäsleşigiň deslapky tapgyrynda üç topara bölünipdirler. Iň güýçli «A» toparda Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Taýlandyň we Hytaý Taýbeýiniň toparçalary çykyş ederler. «B» toparda Bahreýniň, Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň we Singapuryň toparçalary, «C» toparda bolsa Gonkongyň (Hytaý), Hindistanyň, Makaonyň (Hytaý) we Türkmenistanyň toparçalary çykyş eder.

Türkmen hokkeýçileri ilkinji oýnuny 3-nji fewralda hindistanly garşydaşlary bilen oýnar. Soňra 5-nji fewralda Hytaýyň Makao şäheriniň topary we 9-njy fewralda Hytaýyň Gonkong topary bilen oýnar.

«B» we «C» toparlaryň ýeňijileri 7-nji ýerden kimiň we 8-nji ýerden kimiň çärýek finala çykjakdygyny ýüzbe-ýüz oýunda kesgitlärler. Bu toparlardaky galan toparçalar pleý-off oýunlarynda 9-njydan 14-njä çenli ýerler üçin bäsleşer.

IX gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň hokkeý topary baş tälimçi Ylýas Weliýewiň we kömekçisi Guwançmyrat Jepbarowyň ýolbaşçylygynda çykyş eder.

 

turkmenistan.gov.tm

01.02.2025 ý.