2024-nji ýylda Türkmenistanda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak babatda işler dowam etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” atly halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylda türkmen türgenleri medallaryň 752-sini gazanmagy başardylar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.
turkmenportal