Aşgabatly 25 ýaşly halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew Daşkentde tamamlanan 2-nji «AL-BERUNIY» (Futures) halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryş nusgawy wagt gözegçiligi bilen aýlawly ulgam boýunça geçirildi we Özbegistandan, Hindistandan, Russiýadan, Şwesiýadan, Belarusdan hem beýleki ýurtlardan grossmeýsterleri hem FIDE ussatlaryny-da goşmak bilen, güýçli küştçüleri bir ýere jemledi.
Dokuz tapgyryň netijesi boýunça FIDE reýtingi 2516 bolan Saparmyrat Atabaýew 7 utuk toplady. Şonça utugy hindi grossmeýsteri Pa Iniýan-da (FIDE reýtingi 2523) toplady. Şeýle-de bolsa, aýgytly arakesmede ol S.Atabaýewden utuldy we netijede ikinji ýeri eýeledi. 6,5 utuk toplan Belarus grossmeýsteri Mihail Nikitenko (FIDE reýtingi 2512) iň ökde üçlügiň soňkusy boldy.
Bu ýaryşda gazanan ýeňşi Saparmyrat Atabaýewe 3500 ABŞ dollary möçberinde pul baýragyny almaga we Halkara grossmeýster derejesiniň berilmegi üçin zerur iň soňky (üçünji) normany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Resmi karar Halkara küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) mejlisinde kabul ediler.
2023-nji ýylyň iýunynda Duşenbe şäherinde geçirilen Dünýä Kubogynyň Merkezi Aziýa zolaklaýyn ýaryşynda Saparmyradyň iň güýçli üç küştçiniň hataryna girendigini we şol ýylyň dekabrynda Daşkentde geçirilen «Castle-2023 Masters» küşt festiwalynda ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Geçen ýyl bolsa ol Türkiýede geçirilen 33 ýyllyk «Ak pil» saýlama ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Saparmyrat Atabaýewiň şu güne çenli ilkinji tälimçisiniň we halypasynyň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň bolmagy bellärliklidir.
turkmenistan.gov.tm