TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK GURALDY

Ýakynda Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň Mülkbükri geňeşliginiň ýaşaýjysy Nurmyrat Wellanowlaryň maşgalasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Ýaşlara senetçiligiň görnüşleri, olaryň ulanylyşy hakynda giň düşünje bermek, olaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy giňden ýaýmak maksady bilen guralan söhbetdeşlikde netjarçylyk sungaty barada gürrüň edildi. Ençeme ýyllardan bäri agaç ussasy hökmünde tanalýan Nurmyrat Wellanow öz hünäri hakynda ençeme maglumatlary aýdyp berdi we öz ýasan önümleri bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlaryna gadymy senetçiligimizi öwretmäge, döwrebaplaşdyryp halk köpçüligine ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Nagmat HÜMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

12 Noýabr 2025 | 46 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 46 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Noýabr 2025 | 82 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI