BU ÝERDE BEÝIK TARYH BAR

 Hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy hasaplanýan ajaýyp taryhy ýadygärliklere örän baý ýurtdur. Dünýäniň binagärlik sungatynyň naýbaşy eserlerine öwrülen Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi medeni mirasymyza Ýer ýüzünde hem uly ähmiýet berilýändigini doly subut edýär” diýip belleýär. Bu sözleriň hakykaty dünýä mälim. Dünýäniň çar tarapynda millionlarça ynsan türkmen halkynyň we bu mukaddes topragyň üstündäki taryhyň muşdagy. Sebäbi türkmen topragynda adamzady medeniýet sallançagynda üwrän gadymy medeniýetleriň, siwilizasiýalaryň ençemesi bar. Şol medeniýetleriň taryhy merkezi bolan şäherleriň birnäçesi bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO — Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy. Taryhy we medeni gymmatlyklary, ýadygärlikleri gorap saklamakda, olary indiki nesillere ýetirmekde bu guramanyň dünýä ýüzünde alyp barýan işleri örän köp. Olaryň sanawyna girizilen her bir zat tutuş adamzat gymmatlygy hökmünde kabul edilýär. Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şan-şöhraty ebedi şäherlerimiziň bu sanawda mynasyp orun eýelemegi milli Liderimiziň amala aşyran işleriniň aýdyň miwesi, netijesi bolup durýar. Dünýä ýüzünde wagyz edilmäge, syýahat edilmäge, zyýarat edilmäge mynasyp tutuş adamzat gymmatlyklarynyň ajaýyplygyny, beýikligini açyp görkezmek häzirki zamanyň we geljegiň iň girdejili pudaklarynyň biri bolan syýahatçylyk ugruny ösdürmäge hem ummasyz goşantdyr. Syýahatçylyk arkaly adamlar dem-dynçdyr gezelençden başga-da köp sanly taryhy maglumatlary öwrenýärler, beýik şalaryň, serkerdedir soltanlaryň, danalaryň, alymlaryň ýaşan, düşlän, işlän ýerlerinde bolup görýärler. Tebigy aýratynlyklaryndan daşary şeýle taryhy mesgenleriň ynsan ruhuna ýetirýän oňyn täsiri, joşguny söz bilen beýan ederden juda beýik. Ol ýerde heniz syry çöşlenmedik taryh bilen birlikde heniz akyl ýetirip bolmaýan täsin duýgularyň ylham gönezligi bar. Şeýle taryhy we tebigy aýratynlyk türkmen topragynyň her sere ýerine mahsus.

Türkmenistan döwletimiziň täsin tebigy künjekleri, taryhy mesgenleri dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Esasanam, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat etmek islegi has-da uly ähmiýete eýe. Sebäbi şol ýollaryň üstünden aşan kerwenleriň, şol ýollar bilen joşgunly akan ykballaryň bir gyrasy olaryň öz öýlerine, ojaklaryna, menzillerine baryp ýetýär. Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan Günorta — çar tarapa ugur alan ýollar dünýä ýüzüniň halklaryny birleşdiripdir, biri-birine has ýakyn, jebis edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda bolsa adamzat taryhynyň syrly hem-de täsirli wakalarynyň ummasyz goruny özünde jemleýän Gadymy Marguş döwletiniň ýadygärlikleri, gadymy Erkgala, Gäwürgala, Uly we Kiçi Gyzgala, Soltan Sanjaryň kümmeti, Merwerut, Sarahs, Abiwerd, Beýik Parfiýa şalygynyň gadymy ýadygärlikleri, Dehistan, Gürgenç, Horezm türkmen döwletiniň beýik medeni mirasy, Amul, Zemm ýaly taryhy şäherler, mahlasy ummasyz giňişlikde ýaýylyp ýatan gadymy, şöhratly we syrly taryh bar.

Milli Liderimiz şöhratly taryhymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge hem-de ylmy barlaglary geçirmäge ummasyz şertleri döredýär. Türkmen we daşary ýurtly ussat alymlaryň özara tejribe alyşmagy, bile işleşmegi üçin uly goldaw berýär. Ýurdumyzda halkara derejesinde ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilip durulýar. Taryhy düýpli we köptaraplaýyn öwrenmek bilen bir hatarda syýahatçylyk ugruny ösdürmäge hem uly mümkinçilik döreýär. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda arheologik gazuw-agtaryşlary geçirmek boýunça Döwlet Maksatnamasy kabul edildi. Bu eýýäm durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegine, medeni mirasyň, taryhy ýadygärlikleriň ylmy esasda düýpli öwrenilmegine, bütin dünýäde wagyz edilmegine giň ýol açýar. Milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň ýaňyny dünýäden duýup bolýar. Ýaňy-ýakynda Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň “Rai 3” teleýaýlymy 2018- nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlaryny ses berilşik arkaly kesgitledi. Şonda dürli ýurtlaryň, yklymlaryň syýahatçylyk aýratynlyklary hakyndaky filmleriň köp seriýaly tapgyrlaryndan soň, tomaşaçylaryň arasynda geçirilen sowal-jogaplaryň netijesinde Türkmenistan «Taryh» derejesinde birinji ýere mynasyp boldy. Munuň özi kanunalaýyk we örän buýsançly ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde beýan edilýän taryhy ýerler, maddy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň owazasy ynsan ýüreklerine bu topragyň her zerre gumuna, al-elwan gülüne, akar suwuna, ýaşyl maýsasyna, naz-nygmatdyr miwesine siňen täsinligi, täsirliligi we taryhylygy ýaýýar. Sebäbi bu Diýarda şol şöhratly taryhyň mirasdüşerleri bolan beýik halk bar. Watansöýüjilik, adamkärçilik, myhmansöýerlik ýaly beýik häsiýetleri, sungaty we medeniýeti bilen her gelen myhmanyň köňlünden turup bilen, göwnüni tapyp bilen, dost-hemra bolan beýik halk bar. Bu Diýarda dünýäde ykrar edilen Beýik Lideriň ýolbaşçylygynda her güni ösüş belentlikleri bilen beýgelýän Berkarar döwlet bar, bagtyýar döwür bar. Mahlasy, bu ýerde beýik taryh bar, bagtyýar şu gün we ajap geljek bar.

Rahmet GYLYJOW,

“Nesil” gazeti,

06.01.2018ý.

Meňzeş habarlar