WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary şäherinde ýerleşýän 2202 harby bölüminde Watan goragynyň mukaddesligini ündemek, dost-doganlygy berkitmek, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary şäherinde ýerleşýän 2202 harby bölüminiň bilelikde guramagynda harby bölümiň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda «Watanyň gerçek ogullary – Watanyň daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Myrat Hanow, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň Mary şäherinde ýerleşýän 2202 harby bölüminiň harby gullukçysy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Serdar Berdiýew çykyş etdiler. Olar ata Watanyň mukaddesdigi, Watany goramagyň her bir raýatyň borjudygy, şeýle-de, dost-doganlyk we nesil terbiýesi hakynda gyzykly gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy asudalygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary şäher

Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 127 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 73 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI