SAGDYN NESIL – KUWWATLY WATAN

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap prokuraturasynyň, etrap Polisiýa bölüminiň PÝGB-niň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 20-nji orta mekdepde «Sagdyn  nesil – kuwwatly Watan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaşlaryň arasynda edep-terbiýäni, arassa ahlaklylygy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar edildi. Onda kanuny bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketleriniň kadalary, sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny ýaşlara düşündirildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK