TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary Welaýat hem-de etrap Geňeşleriniň “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjysy Parahat Hojamalyýewleriň maşgalasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde Mary etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy Allakulyýew Muhammet şeýle hem, etrabyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Amatyýewa Enejan Türkmeniň ak öýüniň ýasalyşy dogrusynda hem-de içki bezegleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy hem-de geçmiş taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Sülgün ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 8 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER