«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän alada barha rowaçlanýar. Bu gün ýaşlarymyzyň bilim almagyna, hünär öwrenmegine, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, netijeli zähmet çekmegine, döretmegine we berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary bolup, ýaşlaryň bagtyýar we erkana durmuşy ugrunda edilýän tagallalaryň, durmuşa geçirilýän işleriň, şeýle-de döredilýän şertlerdir mümkinçilikleriň ähmiýetini etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat edýäris.
«Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Olaryň barşynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakda hem aýratyn durlup geçilýär. Mälim bolşy ýaly, agzalan maksatnamanyň çäginde alnyp barylýan işler ýaşlaryň döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyny doly hukukly gatnaşmagynda, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara eden öwüt-sargytlaryna hemişe ygrarly bolup, öňümizde duran wezipeleri mynasyp durmuşa geçirmäge yhlasymyzy gaýgyrmarys. Şeýle ajaýyp döwri, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.