Merdana ata-babalarymyz tarapyndan ir döwürlerden bäri tebigata aýawly çemeleşip, onuň haýwanat, ösümlik dünýäsi berk goralypdyr we olaryň köpelmegi üçin yzygiderli alada edilipdir. Bu ynsanperwer ýörelgeler bagtyýar halkymyz tarapyndan häzirki döwürde hem dowam etdirilip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek – hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramaklyga aýratyn üns berilýär. Çünki bu aladalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has hem gowulandyrmaga, tebigata bolan gatnaşykda düşünjeli çemeleşmäge uly ýardam berýär. Adamzadyň oňat ýaşaýşy onuň tebigy baýlyklary peýdalanyşyna, tebigata bolan söýgüsine bagly bolup durýar. Tebigata we daşky gurşawa söýgi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Arkadagly Gahryman Sedarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigaty has gözelleşdirmek, agyz suwunyň, iýmitiň hilini gowulandyrmak ýaly meseleleriň baş wezipeleriň hataryna çykarylandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bag ekmek baradaky ählihalk ýowary hem daşky gurşawy goramak baradaky edilýän aladalaryň biridir. Ýurdumyzyň gözelligi, howanyň tämizligi ynsanlaryň saglygyna, olaryň dünýägaraýşyna hem oňyn täsir edýär.
Tebigatymyzy goramak ugrunda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!
Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.