“BÜRÜNÇ ZAMANANYŇ MEDENI OJAKLARY” ATLY DÖREDIJILIK MASLAHATY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda: “Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris. Biz her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy” diýen çuňňur manyly sözleri ýaş nesillerimizde peýdaly endikleri kemala getirmek, ýady, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri ösdürmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmak, netijede bolsa, Watana, ene-ata bolan söýgüdir, hormat-sylagyň egsilmeýän gymmatyny döretmekde ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Häzirki döwürde dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň taryhynda ähmiýeti uly bolan Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde edilýän açyşlar medeni mirasymyzy ylmy taýdan has giň çuňňur öwrenmäge Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby giň mümkinçilikleri berýär. Bu ajaýyp kitapda halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” atly kitabyna bagyşlanan, “Bürünç zamananyň medeni ojaklary” atly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary bilen ylmy döredijilik maslahaty geçirildi.

Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda: “...Garagumyň jümmüşine ýöreseň, üstünde küýze önümleriniň bölekleriniň pytrap ýatan uly we kiçi arheologik depeleriniň köpüsine duş gelýärsiň” diýen manyly jümleleri beýan edilýär.

Öz gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden alyp gaýdýan külalçylygyň, şeýle hem reňkiň oýlanyp tapylmagy, keramikada we diwar ýüzünde ilkinji nagyşlaryň we suratlaryň emele gelmegi şol döwrüň örän möhüm üstünligini açyp görkezýär. Haly nagyşlaryny ýatladýan geometrik alamatlar keramikanyň ýüzünde eýýäm eneolit zamanynda, ýa-da Änew medeniýeti döwründen bellidir. Nagyş sungatynyň irki zamanlarda ösen döwri b.e. ozalky IV-III müňýyllyklaryna degişlidir. Bu nagyşlar toýundan ýasalan gaplaryň ýüzünde Garadepe, Göksüýri, Änew, Altyndepe, Ýylgynly we beýleki ýadygärliklerde saklanyp galandygy barada çykyşlarda bellenildi.

Döredijilik maslahatynyň dowamynda türkmen nagyşlarynyň özboluşly täsin ykbaly barada aýdylyp geçildi. Nagyşlar ýöne bir bezeg däl-de, eýsem aňyrsynda gadymy ata-babalarymyzyň durmuşynyň möhüm hajatlary, olaryň tebigata bolan dünýägaraýyşlary, gizlenip ýatan syrly alamatlarydyr. Nagyşlaryň her birinde uly many bolup, gadymy döwürlerden öz aňladýan manylaryna görä şu güne çenli saklanyp gelen “goçak” nagşynyň mysaly dogrusynda giňişleýin maglumatlar beýan edildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň çäklerinden tapylan neolit-bürünç zamanyna degişli kiçi göwrümli heýkeljikler hakynda hem-de Marguşda metal sungatynyň ýokary derejede ösendigi barada çykyşlar ýerine ýetirildi.

Taryhy sahypamyzyň gymmatly maglumatlaryny açyp görkezýän ylmy çykyşlar talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ylmy döredijilik maslahaty talyp ýaşlarymyz üçin gymmatly çeşme bolup, geljekde şöhratly taryhymyzy, baý medeni mirasymyzy wasp etjek sungat eserleriniň kemala gelmegine itergi berer.

 

Ogultagan GELDINYÝAZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy

Meňzeş habarlar