Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 9-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda ‹‹Arassa nesil – sagdyn durmuş›› ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda çykyş edenler etrabyň çäginde geçirilýän arassaçylyk işlerine ýakyndan ýardam bermek, il arasynda daşky gurşawy arassa saklamak, bag nahallaryny oturtmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek arassaçylygyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.