Ýakynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we kadalarynyň berjaý edilişi, zyýanly endikleriň, şol sanda temmäki önümleriň adamyň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýetirýän ýaramaz täsirini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen geçirilen bu maslahat oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Çykyş edenler beden taýdan sagdyn, sowatly, gujurly ýaşlary terbiýelemekde öňde durýan belent wezipeleri durmuşa geçirmekde mundan beýläk hem alnyp barylýan bähbitli işlere ähli ýaşlary işjeň gatnaşmaklyga çagyrdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Şadurdy GOWŞAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň başlygy.