Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda şäheriň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 8-nji orta mekdebinde sagdyn-durmuş ýörelgelerini we arassaçylygyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen «Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmak ugrunda ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.