WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk, şeýle hem gender deňligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň edep-kadalaryny nesillerden nesillere geçirmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek işinde halk döredijiliginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy hem-de ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Sähragül IŞANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar