Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ösüp gelýän ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak we olary sporta höweslendirmek maksady bilen, «Sport – sagdynlyk we ruhubelentlik» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.
Çekeleşikli geçen ýaryşlar ýaş türgenleriň taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Ýaryşyň netijesinde toparlaýyn 1-nji orny etrabyň 9-njy orta mekdebiniň türgenleri, 2-nji orny 1-nji orta mekdebiniň türgenleri, 3-nji orny bolsa, 5-nji orta mekdebiniň türgenleri eýelemegi başardylar.
Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
işgärler işi boýunça esasy hünärmeni.