WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, talyp ýaşlary innowasiýa we maglumat tehnologiýalaryna ugrukdyrmak we höweslendirmek hem-de internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler elektron hökümet, sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 4 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 4 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 4 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI