Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda «Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» atly şygar astynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýaşlaryň zyýanly endiklerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, köpçülik ýerlerinde tertip-düzgüni berk berjaý etmek barada aýtdylar. Galyberse-de, türkmen halkyna mahsus bolan watançylyk, mertlik, batyrlyk, ýaly belent häsiýetleri terbiýelemek dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.