Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda şäheriň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebinde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini we arassaçylygyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Arassaçylyk – saglygyň sakasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler, tebigaty goramak we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan ýaşaýyşy ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.