EÝJEJIK GYZJAGAZLARYMYZ BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli etrabyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Esenguly etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde eýjejik gyzjagazlar Watanymyzy, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» wasp edýän aýdymlary, milli egin-eşikleri wasp edýän şahyrana sözleriň üsti bilen goşgulary aýtmakda, şeýle-de türkmeniň milli el işlerini ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalaryň gelen netijesine laýyklykda, 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nazarowa Elif 1-nji orna, 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Garlyýewa Gülmährem 2-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzjagazlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Mart 2025 | 0 okalan

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYK MEKANY

17 Mart 2025 | 0 okalan

PASPORT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

15 Mart 2025 | 77 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY