Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Türkmenbaşy etrap tapgyry geçirildi.
Etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen şadyýan bäsleşige orta mekdeplerde 1-2-nji orunlary eýelän gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, gyzjagazlar üç şert boýunça, ýagny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmekde, milli egin-eşiklerini şahyrana sözler bilen wasp etmekde, şeýle-de öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Şadyýan bäsleşikde 21-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlisowa Gülherem 1-nji orna, 6-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gündogdyýewa Aýsenem 2-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan gyzjagazlara ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.