Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda durmuşymyzyň bezegi bolan gyz-gelinlerimize, ene-mamalarymyza belent sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji martynda ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň döwlet derejesinde dabaraly bellenip geçilmegi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasynyň aýdyň nyşanyndyr.
Ine şu günler hem Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde gurnamaklarynda şu ýyl togsan birinji baharyny garşylan bagtyýar ene Ogulboldy Nazarowanyň ojagynda myhmançylykda bolup onuň bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlik duşuşygy täsirli gürrüňlere baý boldy. Enemize gül desseleri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgady gowşuryldy. Myhmançylykda türkmen zenanlarynyň abadan durmuşyny üpjün etmek, olaryň ähli pudaklarda zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
Konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.