ARASSA, RUHY TÄMIZ HALK BEÝIKDIR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 22-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagy, ýaşlary ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelen watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlilik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýaş nesil barada edýän çäksiz aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Mart 2025 | 0 okalan

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYK MEKANY

17 Mart 2025 | 0 okalan

PASPORT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

15 Mart 2025 | 77 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY