YNSAN KALBYNDA PARAHATÇYLYK SÖÝGÜSI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Baky Bitarap Watanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzda Ýer ýüzüniň birnäçe döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmak, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog - parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şu ugurlara esaslanyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda önjeýli işler alnyp barylýar. Muňa ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Sergiler jaýynda geçirilen “Parahatçylyk Bagtyň açarydyr” atly Döwlet derejesinde geçirilen sergi hem aýdyň mysal bolup durýar. Sergide çeperçilik akademiýasynyň “Altyn fondunda” saklanylýan naýbaşy eserler sergilenip halk köpçüligine ýetirildi. Akademiýanyň “Altyn fondunyň” hem-de muzeýiniň ähmiýeti we gymmaty örän ulydyr. Çünki bu ýerde ýokary okuw mekdebini tapawutly tamamlan uçurymlaryň hem-de häzirki wagtda bilim alýan talyplaryň köpüsiniň naýbaşy işleri jemlenendir. Ol ýokary okuw mekdebimizde 2010-njy ýylda döredilip, şondan bäri hem onuň gaznasy nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam, binagärlik we dizaýn işleri bilen gitdigiçe baýlaşýar.

Bu ajaýyp sergide ýaş suratkeşleriň kalbyndan çykan eserlerde ýurdymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, belent ösüşlerini, gözel tebigatyny, geçmiş taryhyny, beýik ogullaryny wasp edýän ynsanperwer çeper keşpli eserler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Olardan Selbi Hojammaýewanyň “Gyzlar çeşmäniň başynda” (1998), Şageldi Orazlyýewiň “Döwrüň waspçylary” (2016), Zakirjan Babaýewiň “Durdy Baýramow” (2018), Baky Sytdyhowyň “Arzuw” (2018), Oraz Gökowyň “Bagtly durmuş” (2020), Diloram Hojainowanyň “Maşgalam başgalam” (2022), Ogultäç Myratgulyýewanyň “Şatlykly gün” (2024), Laçyn Taganowanyň “Öýe tarap” (2024) ýaly eserlerinde watanymyzyň asudalygy, parahatçylygy şahyrana beýan edilýär.

Ol eserlerde tebigatymyzyň gözelligi gopuz çalyp oturan gyzlaryň hoş owazy bilen sazlaşsa, parahatçylygyň, bagtly durmuşyň waspy çagalaryň joşgunly we şadyýan aýdymlary, arzuw islegleri, ene-atalaryň mähir-muhabbetli söýgüsi, halkymyzyň agzybirligi, watanymyzyň ösüşleri üçin uly goşant goşan halypalaryň belent keşplerinde parahatçylygyň şahyrana şuglasyny görmek bolýar.

 Şular ýaly sergiler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmakdaky ýörelgelerini açyp görkezýär.

     

Göwher SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş”

kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar