Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) maslahatynda Guwançmuhammet Öwekow biragyzdan dört ýyllyk möhlete ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy – diýip, federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi. Çäre «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda FIFA-nyň, AFC-nyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Maslahatda başlygyň orunbasarlary hem saýlandy: Rahat Garajaýew birinji orunbasar, Nazar Çöliýew bolsa ikinji orunbasar wezipelerine bellendiler. Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar tarapyndan TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze düzümi döredildi.
Maslahatda geçen futbol möwsüminiň jemleri jemlenildi we geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Federasiýanyň başlygy, baş sekretary we beýleki hünärmenleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Öz çykyşynda Guwançmuhammet Öwekow maslahata gatnaşyjylara oňa bildirilen uly ynamlary üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanda futbolyň has meşhur bolmagy we ösdürilmegi üçin giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
turkmenportal
20.02.2025ý.