TÜRKMENISTANLY 14 ÝAŞA ÇENLI TENNISÇILER BAHREÝNDE GEÇIRILEN ITF WORLD JUNIOR SAÝLAMA ÝARYŞYNYŇ BIRINJI BÄŞLIGINDE

14 ýaşa çenli türkmen tennisçileri gyzlaryň arasynda Aziýa-Okeaniýa zolagynda ITF World Junior dünýä çempionatyna deslapky saýlama ýaryşynda Isa-Taun şäherinde (Bahreýn) geçirilen 18 toparyň arasynda bäşinji orny eýelediler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa we Aşgabat şäherindäki 90-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Sähra Garahanowa wekilçilik etdiler.

Birinji tapgyrda ildeşlerimiz Bangladeşiň toparyny 3:0 we Okeaniýanyň ýygyndysyny – 2:1 hasabynda ýeňip, «C» toparçada öňe çykdylar. Soňra çärýek finalda dartgynly bäsleşikde Filippinlerden 1:2 hasabynda utuldylar. 5-nji orun ugrundaky oýunda bolsa Maldiw toparyny şeýle hasap bilen ýeňdiler.

Bu duşuşygyň ykbaly Näzli Hudaýgulyýewa Aýşat Liwiýa Hatiri – 6:1, 6:4, Aýlar Kakabaýewa Keyara Osama Alyny 6:2, 6:4 hasabynda ýeňen ýekelikdäki oýunlarda çözüldi. Ähmiýetsiz bilelikdäki duşuşykda Sähra Garahanowa we Näzli Hudaýgulyýewa Keyara Osama Ali hem-de Aýşat Liwiýa Hatiriň jübütlerinden super taý-breýkde – 1:4, 4:2 (7:10) hasabynda ýeňildiler.

Şeýlelik bilen, türkmen tennisçileri Aziýa-Okeaniýa zolagynda geçirilen ITF World Junior dünýä çempionatynyň deslapky saýlama ýaryşynda çykyşlaryny tamamladylar, olar şeýle ýaryşlara gatnaşan ýyllarynda iň gowy netije gazandylar. Olar ýaryşa öz tälimçileri we Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň kapitany Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar. Aýlar Kakabaýewa Jennet Hallyýewadan, Näzli Hudaýgulyýewa – Atlymyrat Gurbanowdan, Sähra Garahanowa bolsa Mälik Mämmetgulyýewden tälim alýarlar.

Finalda 2025-nji ýylyň 2-7-nji apreli aralygynda Malaýziýada geçiriljek jemleýji saýlama tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanan Şri-Lankanyň we Indoneziýanyň milli ýygyndy toparlary duşuşdylar. Duşuşyk indoneziýaly tennisçileriň – 2:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. 3-nji orun ugrundaky oýunda Liwanyň topary Filippinleriň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa tennis federasiýasy bilen bilelikde guraýan ITF World Junior toparlaýyn ýaryşynyň 14 hem-de 16 ýaşa çenli gyzlaryň we oglanlaryň arasynda iki ýaş toparynda geçirilýändigini ýatladýarys. Iki ýaryş hem ýaş tennisçilere halkara ýaryşlarynda öz güýjüni synamaga we öz ýurduna wekilçilik edende toparlaýyn oýnuň ajaýyp ruhuny duýmaga mümkinçilik berýär.

 

turkmenistan.gov.tm